Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

GEÇIRILEN I AÇYK INTERNET OLIMPIADASYNDA TALYPLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI

Biziň talyplarymyzyň halkara we döwlet derejesindäki geçirilýän olimpiadalarda (ders bäsleşiklerinde) gazanýan ajaýyp ýeňişleri milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň şaýatnamasyna öwrüldi.

2021-nji ýylyň maý aýynyň 27-28-i seneleri aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we onuň Meýilnamasyny, şeýle hem “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” we “Himiýa” dersleri boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda I Açyk internet olimpiadasy geçirildi.

Bu olimpiada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary “Himiýa” dersi boýunça gatnaşyp Nowruzowa Ogulgerek, Intizarow Ikram, Kakamyradow Bagtyýar, Kim Andreý dagylar I oruna we Rozyýewa Merjen, Geldimyradowa Akmaral hem II oruna mynasyp boldular. Şeýle-de “Himiýa” dersi boýunça toparlaýyn bäsleşikde 606 ball toplap I oruny Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň talyplary gazandylar.

“Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersi boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Isgenderow Jumabaý, Rasulow Arslan, Durdyýew Guwanç, Aşyrbaýew Jasurbek we Gummyýew Ilmyrat dagylar gatnaşyp I orun hem-de Baýmuradow Farhatjan II oruna mynasyp boldular. Mundan başga-da biziň talyplarymyz “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersi boýunça toparlaýyn bäsleşikde 410 ball bilen I oruna mynasyp boldular.

Ýaşlarymyzyň ylym­bilimli, kämil dünýä garaýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly  Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!



Merdan Gurbanow.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky 

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.




Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm