Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Ýapon dili hepdeligi

2021-nji ýylyň iýun  aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetinde Diller kafedrasynyň  “Filologiýa”(tehniki iňlis dili we ýapon dili) hünäriniň 1-nji ýyl talyplary tarapyndan taýýarlanylan ýapon dili hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäginde ýapon dilinde erkin tema boýunça  düzme ýazmak, ýapon dilinde talyp durmuşy bilen baglanşykly sahna, şeýle hem talyplaryň bilim derejelerini we olaryň öwrenýän dillerininiň medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny we ýapon dili barada umumy gözýetimini giňeltmek maksady bilen “Brain ring” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikler örän çekeleşikli we gyzykly boldy. Düzme ýazmak bäsleşiginiň netijesi boýunça “Filologiýa” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Garaýewa Ogulşat örän täsirli çykyş edip, emin agzalar tarapyndan ýeňiji diýip yglan edildi we hormat haty bilen sylaglandy. Şeýle-de bu bäsleşikde “Brain ring” boýunça geçirilen toparlaýyn bäsleşikde “Filologiýa” hünäriniň 5511-nji A toparynyň talyplary üstünlikli çykyş edip hormat haty bilen sylaglandylar.

Şular ýaly yzygiderli geçirilýän bäsleşikler talyplara öz öwrenýän dillerini çuňňur öwrenmäge, şol dile bolan höweslerini has-da artdyrmaga ýardam berýär. Biz hem çykyş eden talyplara öwrenýän dilini has-da kämilleşdirip, gelejekde halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris.

 

Gülbahar Rejepowa.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm