Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

         2021-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyplaryň arasynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň KÝÝIB bölüminiň, Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçilik bölüminiň, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

        Çärede talyplara myhmanlar  Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bölelin, parahat durmuşda ýaşamaklary babatda alyp barýan işleri dogrusynda, esasan hem ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly we sagdyn bedenli bolmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler barada  giňişleýin gürrüň berdiler.

      Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini nygtamak bilen ýurdumyzda bolup geçýän adatdan daşary ýagdaýlar, ýangyn howpsuzlygy we ýol gözegçilik bilen baglanyşykly bolup geçýän nogsanlyklary dogrusynda täsirli gürrüň berdiler. Bulardan başga-da, talyplaryň tomusky dynç alyş döwründe ýaşaýan we dynç alýan ýerleri esasynda ýokarda bellenilen nogsanlyklardan ägä bolmaklaryny tabşyrdylar.

        Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy W.Öwezow çykyş edenlere uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan minnetdarlyk bildirip  çäräni tamamlady.

 

Eziz Meredow.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm